Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça Permana gol çekdi

21:2516.09.2020
0
33229

Şu gün – 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2020-nji ýylyň oktýabr – dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly. Şeýle-de, çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan hem-de harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren uly ýaşly erkek raýatlary 2020-nji ýylyň oktýabr - dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmaly. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (16.09.2020 ý.) habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň