Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy — diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dünýäniň hem-de sebitiň abraýly guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde, häzirki wagtda döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik, durnukly we uzak möhletli häsiýete eýe bolandygy bellenildi.
Türkmenistanda döwrebap nebitgaz we gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça üstünlikli amala aşyrylan taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, biz geljekde hem ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň işlerini goldamak bilen, maýa goýum işjeňligi üçin amatly şertleri dörederis.
Soňky döwürde medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösýändigi, munuň iki döwletiň halklaryny ýakynlaşdyrmagyň hem-de olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmegiň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýola goýlan netijeli bilim hem-de ylym gatnaşyklaryny, şol sanda türkmen hünärmenlerini okatmak we taýýarlamak babatda gatnaşyklary has-da giňeltmek barada bir pikire geldiler.
Türkmenistanda jenap Sindzo Abeniň saglyk ýagdaýy sebäpli Premýer-ministriň wezipesinden gidýändigi baradaky habary düşünmek bilen kabul etdiler diýip, milletiň Lideri öz söhbetdeşine bilelikdäki işler hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de Ýaponiýanyň täze Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.
Premýer-ministr Sindzo Abe öz adyna hem-de Ýaponiýa babatda aýdylan mähirli sözler hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan ugry we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga yzygiderli berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ençeme taslamalaryň amala aşyrylmagy şol hyzmatdaşlygyň netijesi bolup durýar.
Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistana amala aşyran saparyny ýatlaýandygyny, şonda mähir bilen kabul edilendigini belledi. Jenap Sindzo Abe ýurdumyza bolan saparynyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny hem-de gözelligi we ýyndamlygy bilen deňi-taýy bolmadyk ajaýyp ahalteke bedewleriniň üýtgeşik duýgulary döredendigini aýtdy.
Jenap Sindzo Abe Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň wezipesini eýelejek ýolbaşçynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi dowam etjekdigine ynam bildirip, türkmen Liderine döwletara gatnaşyklara hem-de ýokary derejedäki hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna berýän ünsi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.