Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýran Sarahs serhet nokady arkaly ýük daşamagy amala aşyrýar

13:0808.09.2020
0
22814

Eýranyň MEHR habar gullugy Sarahs serhet terminalynyň ýolbaşçysynyň maglumatlaryna salgylanyp, Eýranyň Horasan-Razawi welaýatynyň demirgazyk-gündogaryndaky Sarahs serhet nokady arkaly Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda täzeden başlaýandygyny habar berýär.

Mohamad Mehdi Rezai Eýranyň Sarahs şäherini Türkmenistan bilen birleşdirýän täze serhet köprüsiniň derwezeleriniň 3 günlük açylandygyny aýtdy.

Eýrana degişli üsti ýükli on awtoulag her gün Sarahs serhediniň alyş-çalyş nokadyna girip, tirkeglerini türkmen tarapynyň ýük awtoulaglaryna eltip biler.  Türkmen sürüjileri Eýrandan gelen harytlary soňky barjak ýerine çenli eltip bererler we ýüki boşadyp, tirkegi Sarahs nokadynda özlerine garaşyp duran eýranly sürüjilere getirip bererler.

Edil şeýle tertipde Türkmenistandan baran ýükler hem Eýranda eltilmeli nokadyna barar. Ýeri gelende aýtsak, Sarahs serhet nokady Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Horasan-Razawi welaýatynda, Türkmenistan bilen serhetdeş ýerleşýär. Bu nokat welaýatyň merkezi bolan Maşat şäherinde 186 kilometr uzaklykda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň