Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi

10:4908.09.2020
0
53826

2012-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Oňa laýyklykda, fiziki şahslar bilen bagly ýeňillikleriň sany 5-e ýetirildi. Şeýlelik bilen, fiziki şahslar, olara şular bellenilen halatynda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler:

  1. ýaşy boýunça pensiýa;
  2. gulluk ýyllary boýunça pensiýa;
  3. hünär pensiýasy;
  4. maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly, eger-de olar möhletsiz maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen bolsalar;
  5. döwlet durmuş kömek puly.

Mundan başga-da hususy telekeçilere we hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslara – özleri üçin tölenilýän pensiýa gatançlarynyň möçberine täzeden seredildi. Girizilen üýtgetmä görä, ýokarda agzalan şahslara pensiýa gatançlaryny olaryň özleriniň girdejisine garamazdan hasabat döwrüniň her aýy üçin Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň azyndan 10 göterimi möçberinde tölenilmeli edildi. Görkezilen şahslar üçin hasabat döwrüniň her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy iýunyna çenli we 1-nji iýulyndan 31-nji dekabryna çenli aralykdaky döwri öz içine alýandygyny ýatladýarys.

Girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlanýan döwür üçin ulanylýar.

Kabul edilen Kanun bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi mlsp.gov.tm web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň