Türk mediasynda berilýän habara görä, «Oýanyş: Beýik Selkuklar» atly täze köp bölümli filmiň görkezilip başlanjakdygy barada habar berildi. Ol TRT 1 teleýaýlymynda görkeziler.
Täze köp bölümli filmiň sýužeti Beýik Türkmen-Seljuk döwletiniň iň uly syýasy güýje öwrülen taryhy döwrüne esaslanýar. Bu film tomaşaçylary şol asyrlara dolap getirer we Soltan Alp Arslanyň ogly we mirasdüşeri Mälik şanyň ömri we hökümdarlygy barada gürrüň berer. Mälik şa — Seljuk döwletiniň taryhynda iň güýçli soltanlaryň biri. Ol döwletiň serhetlerini ep-esli giňeltdi, üstesine-de, şäherleri gurmak, ylymy we sungaty ösdürmek bilen meşgullandy we birnäçe özgertmeler geçirdi.
Täze filmde baş gahrymanyň keşbini aktýor Bugra Gülsoý ýerine ýetirer. Ekin Koç bolsa onuň körpe ogly we Seljuk dinastiýasynyň soňky soltany Ahmad Sanjaryň keşbinde çykyş eder.
Köp bölümli film 28-nji sentýabrda görkezilip başlanar. Türk teleýaýlymlarynda türkmen topraklaryndan göçüp giden Osmanlylar barada hem köp bölümli filmleriň görkezilýändigini ýatladýarys.