Hindistanyň Türkmenistandaky raýatlary üçin çarter uçuşy amala aşyrylar

17:0802.09.2020
1
10463

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy sentýabr aýynda Türkmenistandan Hindistana çarter uçuşyny guramagy meýilleşdirýär. Bu barada ilçihananyň resmi web saýtyndaky habarda aýdylýar.

Uçuş Türkmenistanda ýaşaýan hindi raýatlary üçin gurnalýar. 

Hindistanyň ilçihanasy Türkmenistanyň ýaşaýan watandaşlaryna bu uçuş üçin ýüztutmalaryň 7-nji sentýabra çenli kabul edilýändigini habar berýär. Bu çarter uçuşyny amala aşyrýan ýolagçylar öz Watanynda 14 günlük hökmany karantine ýerleşdiriler. 

Giňişleýin maglumat üçin Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen şu telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +99312456152.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň