«Agama» alpinizm kluby türkmen daglarynyň gözelligine bagyşlanan «Belentlikleriň arasynda» atly surat bäsleşigini yglan edýär.
Bu bäsleşik bassyr bäşinji gezek geçirilýär. Bäsleşigiň maksady alpinizm temaly suratlaryň arasyndan iň gowularyny saýlap almak we ýeňijieri ýüze çykarmakdan ybarat.
Surat bäsleşigi üç ugur boýunça geçirilýär:
- «Biziň daglarymyz» — Türkmenistan daglarynyň peýzažy. Suratlarda dag peýzaşy şöhlelenmeli.
- «Biz daglarymyzda» — daga çykmak bilen bagly düşürilen suratlar.
- «Dag durmuşy» — dagdaky we onuň töweregindäki ýabany haýwanat we ösümlikler dünýäsi.
Bäsleşige Türkmenistanyň ýaşaýjylary we häzirki wagtda daşary ýurtda ýaşaýan, türkmen daglaryny ýatlaýan we olardan oňat habarly watandaşlarymyz gatnaşyp bilerler.
Surat bäsleşigi üçin resminamalar 1-nji sentýabrdan 30-njy oktýabr aralygynda kabul ediler. Her bir gatnaşyjy JPG formatda on bäşden köp bolmadyk surat eserlerini, eseriň adyny, düşürilen senesini we ýerini, dalaşgärlik maglumatlaryny we adyny görkezip biler.
Suratlar «Alpagama» web saýtyndaky wirtual sergide ýerleşdiriler. Iň gowy 50 eseriň arasynda geçiriljek ses berlişige «Agama» we «Mert» klublarynyň agzalary gatnaşar we iň gowy üç orny saýlarlar. Ýeňijilere gymmat bahaly baýraklar garaşýar.
Guramaçylyk komitetiniň habarlaşmak üçin maglumatlary: agama@alpagama.org