Ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň dünýäde güňden ýaýraýan häzirki döwründe, Türkmenistan özara ykdysady gatnaşyk saklaýan döwletleriniň arasynda söwda gatnaşyklaryň, ulag gatnawlarynyň durnukly bolmagyny üpjün etmek, özara haryt ibermek hem-de ýükleri üstaşyr daşamak ulgamynyň ygtybarly bolmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda, serhet geçelgelerinde sanitariýa kadalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça hem ýokary derejede işler alnyp barylýar — diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň dünýäde ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, serhet geçelgelerinde gümrük amallaryna gatnaşýan gullaklar tarapyndan bu keseliň ýurdumyza getirilmegine we ýaýramagyna garşy durmak boýunça netijeli öňüni alyş çäreleri hem-de guramaçylyk işleri ýola goýuldy. Bu ugurda ilkinji nobatda serhet gözegçilik geçiriş ýerlerinden ulaglaryň we harytlaryň geçirilmegi düzgünleşdirildi. Şoňa görä-de, serhetýaka gözegçilik-geçiriş ýerlerinde gümrük işi sanitar kadalarynyň talaplaryny berk berjaý etmek boýunça degişli gulluklaryň işi bilen utgaşykly alnyp barylýar.
Döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynda arassaçylyk we fitoarassaçylyk, weterinariýa gözegçilik ulgamynyň işiniň takyk ýerine ýetirilmegi gurnaldy we olar zerur bolan lukmançylyk enjamlar hem-de derman serişdeler bilen üpjün edildi. Ondan başga-da, serhetýaka awtoýollary, demirýollary gözegçilik geçiriş ýerlerinde hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda döwrebap zyýansyzlandyryş desgalary guruldy. Häzirki wagtda bu zyýansyzlandyryş desgalaryň bilen, ýurdumuza gelýän awtoulaglarda we olaryň tirkeglerinde, demirýol wagonlarynda hem-de konteýnerlede doly derejede zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär. Şeýle hem, goňşy döwletleriň serhet geçelgelerinde utgaşykly öňüni alyş – karantin işleriniň amala aşyrylmagynda tagallalar birikdirildi.
Ulaglaryň we harytlaryň serhetden geçirilende häzirki döwürde talap edilýän sanitar – karantin düzgünlerini berk berjaý edilmegini üpjün etmek bilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy daşary ykdysady işi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmekde möhüm wezipeleri durmuşa geçirýär.