Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli Gutlag hatyny ýollady. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Gutlag hatynda şeýle ýazylýar: “Tatarystan Respublikasynyň güni we Tatarystan awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlamak we iň gowy arzuwlarymy ibermek mende çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär. Häzirki wagtda dostlugyň we doganlygyň taryhy baglanyşyklaryna esaslanýan netijeli türkmen-tatar gatnaşyklary biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen köptaraply we strategik hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky mähirli we ynamly gatnaşyklaryň iki halkyň peýdasyna ösdüriljekdigine we pugtalanjakdygyna ynanýaryn. Size saglyk, bagt we abadançylyk, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin”.