Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň we Koreýanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

22:5928.08.2020
0
7378

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy — diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýlan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň netijeli häsiýetine ýokary baha berdiler.

Bu forumyň işi özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmaga hem-de Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge saldamly goşant goşýar.

Döwlet Baştutany türkmen-koreý gatnaşyklary meselelerine degip geçmek bilen, köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň aýratyn orun eýeleýändigini belledi. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynda işleýän koreý kompaniýalarynyň köpýyllyk üstünlikli işi onuň möhüm bölegidir. Nebitgaz we gazhimiýa toplumlaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, Gyýanly şäherçesinde döwrebap polimer zawodyny gurmak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan Koreýa Respublikasyny özüniň ygtybarly işewür hyzmatdaşy hasaplaýar. Ýurdumyz onuň bilen mundan beýläk-de bar bolan ägirt uly kuwwata hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar. Biz koreý kompaniýalarynyň işjeňligini goldaýarys we mundan beýläk hem olaryň biziň ýurdumyzda alyp barýan işine hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralaryny hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek meseleleriniň üstünde mundan beýläk-de işlemäge gönükdirmegiň wajypdygy barada bir pikire geldiler.

Ulag ulgamynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistana gelip gowşan bütin dünýäde meşhur «Hyundai» awtobuslarynyň nobatdaky uly tapgyry, ýagny 400-si şeýle ysnyşykly gatnaşyklaryň aýdyň netijeleriniň biridir.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In Hökümetara toparlaryň we Işewür geňeşleriň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ornuny belläp, Türkmen-koreý işewür geňeşiniň golaýda geçirilen nobatdaky mejlisiniň döwletara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Şunuň bilen birlikde, taraplar däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň örän wajypdygyny nygtadylar. Taraplaryň pikirine görä, bu babatda lukmançylyk hem-de saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk örän netijeli bolup biler.

Häzirki wagtda tutuş adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan täze, örän howply wehimi — COVID-19 täze görnüşli ýokanç keseli nazara almak bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklar örän wajyp hasaplanylýar.

Nygtalyşy ýaly, giň çäkleri gurşap alan hem-de dünýäniň köp döwletleriniň we halklarynyň adaty durmuşyny üýtgedýän koronawirus pandemiýasyna garşy netijeli göreşmek ähli halkara jemgyýetçilikden bilelikde hereket etmegi talap edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow koreý tarapyna Türkmenistana lukmançylyk hem-de şahsy goranyş serişdeleriniň iberilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ädime iki halkyň arasyndaky dostlugyň we özara ynanyşmagyň hakyky aýdyň ýüze çykmasy hökmünde baha berýändigini nygtady.

Prezident Mun Çže In Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän döwlet baýramlary bilen gutlady we bu dabaralara gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilini ugradýandygyny belledi.

Milletiň Lideri Koreýa Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň hemişe Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda boljakdygyny belledi. Ýurdumyz Koreýa Respublikasyny ygtybarly dost hem-de hyzmatdaş hasaplaýar.

Milli Liderimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygy guramaga yhlasly çemeleşýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, Mun Çže In 2019-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistana bolan döwlet saparyny hemişe aýratyn mähir bilen ýatlaýandygyny belledi. Ýurdumyz Merkezi Aziýada Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýokary wezipä girişenden soň, sapar bilen gelip gören döwletleriniň ilkinjisi boldy.

Koreý Lideri öz ýurdunyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen köpugurly netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, türkmen kärdeşini nobatdaky duşuşygy üçin oňaýly daşarky şertler döredilende, özi üçin islendik amatly wagtda Koreýa Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň