Türkmenistanyň Prezidenti türkmen alabaýlarynyň Tohumçylyk merkezleriniň we Ahalda guruljak Karantin merkeziniň taslamalary bilen tanyşdy

23:5526.08.2020
0
14753

Şu gün — 26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän türkmen alabaýlarynyň Tohumçylyk merkezleriniň baş meýilnamasy we taslamalary bilen tanyşdy — diýip, TDH habar berýär.

Tanyşlygyň geçýän ýerinde «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow milletiň Lideriniň tabşyrmagy boýunça taýýarlanan birnäçe taslamalary görkezdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanynyň garamagyna Ahal welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän Karantin merkeziniň baş meýilnamasy we taslamasy görkezildi.

Milletiň Lideri Tohumçylyk merkeziniň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy. Desgalar toplumynyň düzüminde gözegçilik-geçiriş bölümi, edara ediş binasy, işgärler üçin niýetlenen desga, sergi we türgenleşik meýdançalary, münberler, weterinar hyzmaty üçin toplum, beýleki degişli desgalar bar.

Mundan başga-da, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa alabaýlaryň heýkel şekilleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Şolary binagärleriň we taslama düzüjileriň pikirine görä, merkezi girelgede hem-de toplumyň çäklerinde oturtmak meýilleşdirilýär.

Bu ýerde şeýle hem türkmen alabaý itleriniň arasynda dürli ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen meýdançanyň baş meýilnamasy hem-de onuň çäklerinde ýerleşjek desgalaryň taslamalary görkezildi. Olaryň hatarynda münber, sergi we türgenleşik meýdançalary, weterinar gullugy we işgärler üçin otaglar, beýleki degişli binalar bar.

Ahal welaýatynda hem 30 ite niýetlenen alabaýlar üçin Karantin merkeziniň gurluşygy göz öňünde tutulýar, onuň çäginde ugurdaş we kömekçi desgalar toplumy ýerleşdiriler.

Milletiň Lideri taslamalar bilen tanşyp, olar babatynda birnäçe belliklerini we tekliplerini aýtdy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Tohumçylyk we Karantin merkezleri, türkmen alabaýlarynyň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin meýdança ähli ölçegleri babatynda bellenilen maksadyna hem-de ýokary hil häsiýetnamalaryna laýyk gelmelidir.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow alabaýlaryň heýkelleriniň dürli görnüşleri bilen tanşyp, olarda türkmen itleriniň esasy häsiýetleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.

Daşky keşbi, häsiýetleriniň hem-de özüni alyp barşynyň aýratynlyklary netijesinde, örän güýçli we şol bir wagtyň özünde hem hoşgylaw, eýesiniň buýruklaryna tabyn alabaýlar diňe Türkmenistanda däl-de, daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýedirler. Olar gorag tohumly itleriň hatarynda dünýäniň köp sanly ýurtlarynda öňdäki orunlary eýeleýärler, şol sebäpli hem alabaýlar ösdürilip ýetişdirilende bolşy ýaly, olaryň şekilleri taýýarlananda tapawutly aýratynlyklarynyň, häsiýetleriniň göz öňünde tutulmagy möhüm talap bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti bular barada aýtmak bilen, şol sanda desgalaryň bezegi babatynda anyk tabşyryklary berdi, şunda aýdyň öwüşginli milli äheňler olaryň tapawutly aýratynlygy bolmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň