Türkmenabatdan Moskwa ýörite uçuş amala aşyryldy

13:4326.08.2020
0
37423

Düýn Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň uçary 8356 belgil gatnawy bilen Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Moskwa şäherine tarap ýola düşdi. Russiýanyň Türkmenistandaky raýatlary üçin guralan bu uçuş ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan düzgünleşdirildi.

Ilçihananyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu uçuş bilen 156 ýolagçy Russiýa Federasiýasyna ugrady. Ýörite uçuş üçin ýolagçylaryň bellige alynmagynyň 20-nji awgustda tamamlanandygyny ýatladýarys. Bu barada Turkmenportalyň ýörite habarynda hem ýazypdyk.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň