Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýran demir ýol arkaly ýük daşamagy kadaly ýagdaýda saklamagyň tarapdary

21:1325.08.2020
0
13992

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslami bilen gepleşikler geçirildi — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, iň ýakyn goňşular bilen dostluk we birek-birege hormat goýmak esasynda halkara gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesi hem-de iki goňşy döwletiň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygy bellenildi.

Ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi, hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, iki ýurduň arasynda demir ýol arkaly ýük daşamagy kadaly derejede saklamagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň möhüm orny nygtaldy. Ulag hem-de aragatnaşyk, senagat, oba we suw hojalygy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň