Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabatly mekdep okuwçysy «Türkmen — iňlis — rus nakyllar sözlügi» bilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy

13:0524.08.2020
0
19773

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gültäç Hajyýewa Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäheriniň «Erudit» ylmy-okuw merkeziniň hem-de Sankt-Peterburg şäheriniň «Metaşkola» merkeziniň her ýyl guraýan internet bilim bäsleşiklerinde birnäçe gezek öňdäki orunlary eýeledi — diýip, «Nesil» gazeti habar berýär.

Ol «Erudit» ylmy-okuw merkeziniň yglan eden «XI halkara ylmy işleriniň bäsleşigine» özüniň «Türkmen — iňlis — rus nakyllar sözlügi» atly işi bilen gatnaşdy. Geçen okuw ýylynyň başynda netijeleri belli bolan bäsleşigiň kararyna laýyklykda, Gültäç Hajyýewa bäsleşigiň altyn medalyna mynasyp boldy.

Şondan soňra taslama bäsleşiklerine gyzyklanmasy artan Gültäç geçen okuw ýylynda mekdebiň mugallymy Saparnepes Atabaýewiň ýolbaşçylygynda öz işini has-da kämilleşdirip, ony iňlis dilinde Gazagystanda geçirilýän «Infomatrix — Asia» bäsleşigine hem hödürlemek bilen, emin agzalaryžnyň gelen kararyna görä, ýaryşyň geçirilýän ýurduna baryp gatnaşmak üçin çakylyk hatyny aldy.

Häzirki wagtda ol «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine, bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän taslama-döredijilik bäsleşiklerine, Rumyniýa, Gazagystan, Litwa ýaly döwletlerde geçiriljek Halkara taslama bäsleşiklerine taýýarlanýar we ýeňiji bolmagy maksat edinýär.

Gültäç orta mekdebi tamamlanyndan soňra, öz okuwyny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dowam etmegi göz öňünde tutsa-da, informatika, matematikany hem içgin öwrenjekdigini aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň