Pandemiýa sebäpli Hindistanda galan Türkmenistanyň raýatlary bilen watanyna getiriler

14:4722.08.2020
0
32222

Şu gün Deliden Türkmenabat şäherine çarter reýsiniň gelmegine garaşylýar. Bu ýörite reýs koronawirusyň ýaýramagy sebäpli Hindistanda galan Türkmenistanyň raýatlaryny getirmek üçin gurnaldy.

Howa menziliniň maglumat gullugynyň habar bermegine görä, raýatlarymyz bilen uçar ýerli wagt bilen sagat 19: 00-da Türkmenabat halkara howa menziline gelip gonar.

Gelýän raýatlaryň hemmesi iki hepdelik karantinde bolmaly bolarlar.

Şeýle hem, howa menziliniň işgärleri ýakyn wagtda Dubaýdan, Moskwadan we Minskden türkmen raýatlaryny öýlerine alyp gitmek üçin uçuşlaryň gurnaljakdygyny habar berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň