Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bäşinji Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar

22:0619.08.2020
0
4794

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bäşinji Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar ― diýip, TDH habar berdi.

Wideomaslahat görnüşinde geçen bu forum Parlamentara birleşik tarapyndan Awstriýanyň parlamentiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde guraldy. Onuň işine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak parlamentari gatnaşdy.

Bütindünýä maslahaty «Adamlar we Ýer ýüzi üçin parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün edýän köpugurly has netijeli parlament ýolbaşçylygy üçin» atly baş mowzuk astynda geçirildi.

Oňa gatnaşyjylar, şol sanda parlamentariler, Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri we halkara bilermenler maslahatyň çäklerinde halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, hususan-da, pandemiýa garşy umumy göreşi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Muňa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns berýändigini bellemelidiris.

Öz üstüne alan halkara borçnamalaryny, şol sanda döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolan Türkmenistan häzirki döwrüň ähli möhüm wezipeleri boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek we raýdaşlyk ugrunda çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň