13-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ungaro bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi ― diýip, ministrligiň resmi saýty habar berýär.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi.
Italiýa Respublikasynyň Ilçisi öz gezeginde işlemek üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri hem-de Ilçihananyň işine beren hemmetaraplaýyn hemaýatlary dogrusynda biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň berkidilmegi barada hem aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek ýaly derwaýys meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ilçä Türkmenistanyň hem-de Italiýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky köpugurly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň geljekki işlerinde täze rowaçlyklary arzuw etdi.