Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur programmanyň işi bes edilýär

17:4112.08.2020
0
1265

“Google”-yň sanly aýdym-saz platformasy bolan “Google Play Music” ýapylýar. 

“Google Play Music” indi oktýabr aýyndan başlap bolmaz. Emma bu programma hemme ýerde bir wagtyň özünde ýapylmaz. “Google Play Music” ilki bilen Awstraliýa bilen Täze Zelandiýada işini bes eder. Biraz soňra bolsa bu proses beýleki ýurtlarda-da dowam etdiriler. 

Programmanyň togtadylmagy barada bolsa hiç bir sebäp görkezilmeýär.

Ýeri gelende aýtsak, kompaniýa “Google Play Music” programmasyny “YouTube Music” we “Spotify” programmalaryna bäsdeş hökmünde döredipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň