Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wideokonferensiýa görnüşinde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi

17:3911.08.2020
0
7795

11-nji awgustda wideokonferensiýa görnüşinde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýaponiýanyň DIM-niň howandarlygynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ýokary wezipeli diplomatlar sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle-de MA ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky sazlaşykly özarahereketleriň global derejede koronawirus ýokanjynyň ýaýran döwründe has hem işjeňleşdirilendigini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilelikdäki ösüş, raýdaşlyk we hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýörelgelerine daýanýan köpugurly gatnaşyklaryň bu formatynyň netijeli häsiýeti aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ministrler derejesinde onlaýn-duşuşygy guramak baradaky başlangyjy üçin Ýaponiýanyň DIM-niň ýolbaşçysyna minnetdarlygyny beýan edip, mejlisiň aýratyn derwaýyslygyny nygtady.

2004-nji ýylda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň döredilen pursadyndan bäri köpgyraňly özarahereketleriň bu formaty düýpli ösüşe eýe boldy. Şu formatyň çäklerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň tematikasy giňeldi we bu günki günde ol halkara hem-de sebitleýin howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň, netijeli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik ulgamynda işjeň gatnaşyklar üçin oňyn şertleriň döredilmegi ýaly derwaýys meseleleriň giň toplumyny gurşap alýandyr.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, dünýä jemgyýetçiliginiň täze ýokanjyň garşysyna barlyşyksyz göreş alyp barýan häzirki şertlerinde ýer ýüzüniň möhüm sebiti hökmünde Merkezi Aziýa döwletlerini hem-de Ýaponiýany birleşdirýän gatnaşyklaryň bu formaty hem öz nobatynda adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan gaýragoýulmasyz meselesiniň çözgüdiniň gözlenilmeginde çetde durup bilmez. Bu ugurda daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisi dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý hem-de ony ýeňip geçmegiň mümkingadar ýollary dogrusynda pikir alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändir.

Häzirki döwrüň wehimlerine garşy global jähtden jogabyň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyna esaslanmak bilen, pandemiýa garşy göreşmek hereketlerinde ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak prosesiniň işjeňleşdirilmegi maksadalaýyk bolup durýandyr.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde ýokanjyň täze görnüşine garşy göreşmekde gatnaşyjy-döwletleriň raýdaşlyk hereketleriniň esasy ýörelgelerini hem-de ýokanç tarapyndan ýüze çykarylýan keselleriň öňünden duýdurylmagyna we bejergisine gönükdirilen takyk çäreleri özünde jemleýän Maksatnamalaýyn resminamanyň işlenilip düzülmeginiň zerurlygy dogrusyndaky başlangyç bilen çykyş etdi. 

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş maksatlarynda resmi kömek maksatnamasynyň çäklerinde lukmançylyk ulgamyndaky grant taslamasyny üpjün etmäge taýýarlygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Türkmen lukmanlary öňdebaryjy ýapon hünärmenleri bilen geçirilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn wideomaslahatlaryň çäklerinde alan bilimlerine hem-de tejribelerine ýokary baha berýärler.

Häzirki wagtda ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ulanylmagy maksady bilen, ýokanç keselleriniň bejergisi we öňüni alyş usullary, lukmançylyk tehnologiýalary, serişdeleri we enjamlary, şahsy gorag serişdeleri boýunça bilimleriň, şonuň ýaly-da maglumatlaryň yzygiderli alyşylmagy uly ähmiýete eýe bolýar.

Mälim bolşy ýaly, bu formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geçen ýyllarynda oňa gatnaşyjy-ýurtlar köptaraplaýyn özarahereketleriň howpsuzlyk, ykdysadyýet, medeniýet ýaly ugurlary bilen bir hatarda, özleri üçin ileri tutulýan başga ulgamlary hem kesgitlediler. Bu ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýakyn geljek üçin derwaýys wezipeleriň hatarynda durýandyr.

Mejlisiň çäklerinde ministrler şeýle-de «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň öňde duran 8-nji mejlisiniň gün tertibi dogrusynda hem pikir alyşdylar. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň howpsuzlyk ulgamyndaky Konsepsiýasynyň işlenilip düzülmeginiň we kabul edilmeginiň, Ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin täze Platformanyň işlenilip düzülmeginiň, Ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyjy-döwletleriň hyzmatdaşlyk etmeginiň meseleleri boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanylmagynyň we ara alyp maslahatlaşylmagynyň, şeýle-de Gatnaşyjy-ýurtlaryň arasynda durmuş-medeni ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasynyň taýýarlanylmagynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň