«Türkmenpoçta» jemagat töleglerini hem kabul edýär

15:5310.08.2020
0
8283
«Türkmenpoçta» jemagat töleglerini hem kabul edýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ähli poçta bölümlerinde raýatlara jemagat töleglerini tölemek üçin hyzmatlaryň berilýändigini habar berýär. Islendik poçta bölüminde ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik hyzmatlary üçin çykdajylary töläp bilersiňiz:

  • Elektrik üpjünçiligi;
  • Suw üpjünçiligi;
  • Gaz üpjünçiligi
  • Ýyladyş;
  • Zibil aýyrmak

Aşgabat şäherinde aşakdaky poçta bölümleriniň dynç alyş günlerini hasaba almazdan, hepdede ýedi gün sagat 8 :00-dan 20 :00-a çenli açykdygyny ýatladýarys :

  • Merkezi poçta bölümi;
  • 1-nji poçta bölümi;
  • 15-nji poçta bölümi;
  • 17-nji poçta bölümi;
  • 20-nji poçta bölümi;
  • 35-nji poçta bölümi;
  • 42-nji poçta bölümi;
  • 34-nji poçta bölümi.

Şäheriň beýleki poçta bölümleri iş günleri 9:00-dan 17:00-a, şenbe güni 9:00-dan 14:00-a çenli işleýär. Ýekşenbe we baýramçylyk günlerinde olar işlemez.

Ähli poçta bölümleriniň salgylaryny we telefonlaryny «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň resmi web saýtyndan tapyp bilersiňiz - https://www.turkmenpost.gov.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň