Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Nurýüpek” markasynyň geografiýasy barha giňelýär

10:5008.08.2020
0
28384

2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “Nurýüpek” matalar dükany açyldy. Bu dükan 2017-nji ýylyň awgust ýynda Aşgabat şäheriniň “Altyn asyr” Gündogar bazarynda hem açyldy.

“Nurýüpek” dükanlarynda Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan “Nurýüpek” markaly ýokary hilli gülýüpek we bambuk matalary lomoý we bölekleýin görnüşde amatly bahalardan satylýar. Dükanlarda matalaryň düz bambuk, özünden gülli, reňksiz we reňki gülli bambuk ýaly görnüşleri bilen bilelikde başga-da birnäçesini tapmak bolýar.

Şeýle hem 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyndan bäri Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Mary welaýatynyň Mary şäherlerinde hem “Nurýüpek” dükanynyň şahamçalary öz müşderilerine hyzmat edýär. Şu ýylyň iýul aýynda bu söwda öýüniň online dükany hem hereket edip başlady.

"Nurýüpek" matalar dükany geljekde öz harytlaryny Türkmenistanda belli marka etmekligi meýilleşdirýär.

"Nurýüpek"  markaly matalaryň ähli görnüşlerini şu salgydan görüp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň