Aşgabatda ýene bir kärhana bir gezeklik örtük öndürip başlar

09:5207.08.2020
0
21128

Aşgabadyň lukmançylyk we kosmetiki pamyk öndürýän kärhanasy ýakyn günlerde bir gezek ulanylýan lukmançylyk agyz-burun örtükleriniň önümçiligine girişmekçi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Täze önüm ýerli çig maldan dokalar. Işleri doly awtomatlaşdyrylan kärhanada minutda 100 örtüge çenli öndürmek meýilleşdirilýär.

Mundan daşary paýtagtdaky «Bahar» tikinçilik kärhanasynda hem köp gezek ulanylýan lukmançylyk örtükleriniň öndürilýändigini habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň