Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Elektron sport federasiýasy GEF-e agza boldy

09:4029.07.2020
0
6129

Geçen ýylyň dekabr aýynda döredilen Global kiber sport federasiýasy (GEF) Türkmenistanyň Elektron sport federasiýasyny hem öz agzalygyna kabul etdi. Şeýlelikde, döredilenine heniz bir ýyl hem bolmasyk halkara federasiýanyň agzalarynyň sany 54-e ýetdi.

Elektron sporty has ösdürmek, olaryň Olimpiýa maksatnamasyna hem girizilmegini gazanmak GEF-iň, häzirlikçe, iň uly maksady. Şeýlelikde, bu herekete elektron sportuň türkmenistanly wekilleri hem goşulyp biler. Olary beýleki agzalar bilen bilelikde saýlama ýaryşlara gatnaşamaga çagyrmak meýilleşdirilýär.

Bu gurama Ýer ýüzünde saglyk bilen bagly ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna seredip, şu ýylyň ahyryna çenli bir iri halkara ýaryşy geçirmegi meýilleşdirýär. Bu ýaryşda öz ildeşlerimizi hem görüp bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň