Ulag we kommunikasiýa boýunça Owganystan ― Türkmenistan ― Azerbaýjan wideomaslahaty geçirildi

22:5628.07.2020
0
12291

Owganystanyň, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üçtaraplaýyn iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen foruma bu ýurtlaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Iş toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi hökmünde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan üçtaraplaýyn görnüşde logistik işi utgaşdyrýan düzümi döretmegiň mümkinçiligine garaldy, onuň guramaçylyk-hukuk ugry ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şu ugur boýunça ýükleri daşamak üçin nyrh syýasaty meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Halkara ýük daşamagyň bazaryny we bäsdeşlige ukyply bahalaryň hem-de ýygymlaryň ýagdaýyny yzygiderli seljermek maksady bilen, üç ýurduň demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglary ulgamlarynyň edaralarynyň jogapkär wekillerinden iş toparyny döretmek teklip edildi.

Wideomaslahata gatnaşyjylar birek-birege dürli ýeňillikleri bermegiň mümkin boljak gurallaryna-da garadylar.

Duşuşygyň gün tertibine Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan ugrunyň sanly atlasyny taýýarlamak meselesi hem girizildi. Häzirki wagtda «Türkmenawtoulaglary» agentliginde ulag serişdelerini sanlylaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu işler ýeňil we ýük awtoulaglarynyň geçýän ýoly, tehniki ýagdaýy, ýangyjy sarp edişi baradaky maglumatlary bermek üçin olara GPS-trekerleri ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar.

Taraplar üç ýurt üçin bitewi GIS kartasyny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu karta geomaglumatly ulgamdyr. Ýagny giňişleýin we geografik maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek hem-de olar bilen bagly zerur desgalarda, şol sanda demir we awtoulag ýollarynda hem-de menzillerde, deňiz portlarynda, howa menzillerinde, ýük meýdançalarynda, binalarda we beýleki düzümleýin desgalarda maglumatlary seljermek bilen baglanyşykly ulgamdyr.

Iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar telekommunikasiýalar ulgamy boýunça özara gatnaşyklara-da üns berdiler. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz möhüm taslamalaryň ikisini: Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de Hazar deňziniň düýbi boýunça Türkmenbaşy — Siazan ugry boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda optiki-süýümli kabel aragatnaşygy ulgamynyň gurluşygyny amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň