Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary täze okuw ýylyna taýýarlyk görüp, mekdep okuwçylary üçin egin-eşik ýygyndysyny taýýarlady diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýty habar berýär.
Gyzlar üçin lybaslara ýöritleşedirilen «Bahar» tikinçilik kärhanasy ak öňlükleri, dürli mekdep lybaslaryny, şol sanda penjeklerdir zähmet sapaklary üçin öňlükleri öndürýär. «Ahal» tikinçilik kärhanasynda bolsa okuwçy oglanlar üçin lybaslar taýýarlanyp başlandy. Marynyň «Ýeňiş» tikin kärhanasynda taýýarlanylýan ak köýnekler hem esasan okuwçy oglanlara niýetlenilendir. Ýeri gelende aýtsak, «Ýeňiş» şu aýdan başlap, öz önümlerini onlaýn usulda hem satyp başlady.
Täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek işlerine Türkmenabat, Daşoguz we Bereket şäherlerindäki ýöriteleşdirilen kärhanalar hem goşuldy.