Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary halkara bilim olimpiadasynda ýeňiş gazandylar

23:3921.07.2020
0
14832
Türkmenistanly mekdep okuwçylary halkara bilim olimpiadasynda ýeňiş gazandylar

2020-nji ýylyň iýul aýynyň 11-ne Indonezýadaky “Eduversal” atly korporatiw ofisi onlaýn görnüşde Halkara Eduversal matematika olimpiadasyny (I-EMC – 2020) geçirdi. Bu Halkara olimpiada 36 ýurtdan 545 okuwçy gatnaşdy.  Olimpiada gatnaşan türkmenistanly mekdep okuwçylary umumylykda 2 medal, ýagny 1 altyn we 1 kümüş medal gazanmagy başardylar.

Altyn medala Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerinden çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Jennet Zamanowa, kümüş medala bolsa, şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Orazmämmet Saparow mynasyp boldular.

Okuwçylary bu iri halkara ýaryşa mekdebiň matematika mugallymy Ybraýym Muhammetnazarow taýýarlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň