Soňky habarlar

Arhiw

DÝHG-a «KamAZ» kysymly ýangyn söndürijileriň täze tapgyry gelip gowuşdy

21:3720.07.2020
0
15199

Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli, ýangyn söndürmäge niýetlenen kuwwatly awtoulaglar gelip gowuşdy ― diýip, «Adalat» gazeti habar berýär.

Biziň howa şertlerimize laýyk gelýän «KAMAZ» kysymly bu awtoulaglar suw sygymynyň ululygy bilen aýratyn  tapawutlanýarlar. 

Gulluga degişli Finlýandiýa döwletinde öndürilen «BRONTO SKAÝLIFT» kysymly, ýörite tirsekli teleskopiki, ýokary göterijilikli, ýöriteleşdirilen ýangyn söndüriji awtoulagy hem bar.  Ol belli bir derejede gullugyň işini göwnejaý guramagyň şertlerini üpjün edýär. Onuň binalaryň ýokary gatynda dörän ýangyny söndürmäge mümkinçiligi bar. Bu ulag ýokary gatly binalardan adamlary tiz wagtda howply çäkden halas etmäge niýetlenen enjam bilen üpjün edilendir. Şeýle-de suw geçirijileriniň üsti bilen suwy dürli belentliklere çykarmaga ukyplydyr. Köp gatly binalarda ýangyn dörän halatynda, ýangyn söndüriji söweşjeň toparlary tiz wagtda ýangynyň dörän ýerine galdyrmakda, ýokary gatly jaýlardan adamlary halas etmekde-de örän ähmiýeti uludyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň