Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Natalýa Drozd gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda Toparyň ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň jemleri jemlendi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşlaryndan gelip çykýan we hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge hem-de Türkmenistanyň degişli halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem döwlet düzümleriniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň agentlikleri hem-de ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga we döwletiň hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülýändigi bellenildi. Şeýle hem ykdysadyýeti, medeniýeti we ylmy ösdürmek, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça iri möçberli maksatnamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Toparyň işinde milli kanunçylyk binýadynyň monitoringine hem-de ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşdyrmak, adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary we azatlyklary babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Pudagara topary halkara kadalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini ulgamlaýyn öwrenýär we seljerýär. Amaly işler hakynda umumylaşdyrylan maglumatlar degişli konwensiýalaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça Milli hasabatlar, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin teklipler taýýarlanylanda ulanylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan netijeli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Pudagara toparynyň agzalary BMG-niň resminamalaryna laýyklykda milli hasabatlary, synlary taýýarlamak hem-de adam hukuklaryny goramak çygrynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça yzygiderli geçirilýän okuw maslahatlary, duşuşyklar we geňeşmeler barada maglumat berdiler.
Pudagara toparynyň ilatyň hukuk biliminiň derejesini ýokarlandyrmaga, raýatlaryň degişli maglumatlara elýeterliligini, hususan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki mowzuklaýyn çykyşlaryň hasabyna giňeltmäge uly üns berýändigi nygtaldy.
Pudagara toparynyň 2020-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin Iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde onuň durmuşa geçirilişi boýunça, hususan-da, Pudagara toparynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikdäki hereketleriniň meýilnamasynyň anyk wezipeleri kesgitlenildi.
Mejlise gatnaşyjylar adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy tejribä bagyşlanan, hukuk goraýyş edaralarynyň işgärleri, döwlet gullukçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri üçin we binalary we «tegelek stollary» geçirmegiň tejribesini dowam etmegiň ähmiýetini bellediler.
Mejlisde beýleki meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.