16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda ministrler derejesindäki birinji duşuşyga sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik ugry boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatrnaşyklar barada maslahatlaşdylar.
Duşuşykda garalan esasy meseleleriň biri hem durmuşyň ähli taraplaryna ýaramaz täsir edýän dünýädäki pandemiýa ýagdaýy boldy. Ministrler COVID-19 ýokanjyndan döreýän hassalyklaryň öňüni almak we bejermek barada toplanan tejribeler barada gürrüň berdiler we pikir alyşdylar. Taraplar pandemiýanyň durmuş-ykdysady taýdan ýetirýän täsirlerini peseltmek mümkinçiliklerine garadylar.
R.Meredow öz çykyşynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini nygtap, onuň çäklerindäki maslahatlaşma gurallaryny kesgitlemegi teklip etdi. Ol serişde, ykdysadyýet we ylym-senagat taýdan giň mümkinçiliklere eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge has uly goşant goşup biljekdiklerini nygtady.
Taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar hem-de BMG-niň meýdançasynda özara goldaw bermegiň ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem owgan meselelerine hem-de Owganystanda parahatçylykly gepleşikleriniň ilerledilmegine ýardam bermek mümkinçiliklerine garaldy.
Mundan başga-da, ministrler energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy hem-de ylym we lukmançylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.
Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky daşary işler ministrleriň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen birinji duşuşygynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.