Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň onlaýn duşuşygy "Lapis Lazuli" geçelgesi boýunça hyzmjatdaşlygy ösdürmäge bagyşlandy

21:3113.07.2020
0
10953

13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar. Şu aýyň başynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikirler we maslahatlar alşyldy. Mälim bolşy ýaly, şol duşuşygyň esasy temalarynyň biri-de, Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy.

Üç ýurduň möhüm magistral ýollarynyň çatrygynda amatly geografiki ýerleşişini nygtap, R.Meredow sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ulag mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna laýyklykda, Ýeke-täk logistika merkeziniň döredilmegi, ýük daşamak ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gümrük-nyrh kadalarynyň ýönekeýleşdirilmegi we üçtaraplaýyn gepleşik usullarynyň ulanylmagy Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkidip, bütin sebitiň ösmegine ýardam berer.

Diplomatlar üç ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda wideomaslahatlaşmalary geçirmek arkaly bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.

Şeýle hem sebit we halkara derejesindäki, şol sanda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek bilen bagly möhüm meselelere hem garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň