«Ýeňiş» tikin fabrigi resmi web sahypasy arkaly erkek köýneklerini onlaýn satyp başlady . Onlaýn dükan müşderilerine dürli tikin we trikotaž önümlerini hödürleýär.
Ulanyjylar saýtda zerur önümleri nädip aňsat we ýönekeý tapyp boljakdygyna haýran galarlar. Munuň üçin sargydyňyzy onlaýn sebete salmaly bolarsyňyz. Köýnekleriň bahasy 61-den 120 manata çenli. Töleg nagt we nagt däl görnüşde bolup biler.
Köýnekleri eltip bermek hyzmaty Aşgabadyň içinde bir, sebitlere üç günde amala aşyrylýar. Şunda «Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanýan kärhana eltip bermek hyzmatynyň paýtagtda 15, sebitlerde 20 manatdygyny ýatladýar. 1000 manatlyk söwda eden ildeşlerimize sargytlar mugt eltilip berler.
Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginde 335 işgär işleýär, bu ýerde öndürilen köýnekler owadanlygy we hili bilen tapawutlanýar.