Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Ukraina awiagatnawlary dikeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

20:2011.07.2020
0
37952

«Mtu.gov.ua» web sahypasynyň habaryna görä, Kiýewde Ukrainanyň infrastruktura ministri Wladislaw Krikliý bilen Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Toýly Ataýewiň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga şeýle hem Ukrainanyň Döwlet awiasiýa gullugynyň başlygy Aleksandr Bilçuk we ministrligiň wekilleri gatnaşdy.

Ara alyp maslahatlaşmagyň mowzugy Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda göni ýolagçy howa aragatnaşygyny dikeltmek we beýleki ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi boldy. Taraplar şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda depginini ýokarlandyrmak üçin ulag gatnaşyklaryny täzeden başlatmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Wladislaw Krikliý: «Ukraina Türkmenistan bilen howa aragatnaşygyny täzeden ýola goýmak isleýär we bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin wideokonferensiýa görnüşinde maslahatlaşmaga taýýardyr» diýip, duşuşykda aýratyn belledi.

Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Toýly Ataýew hem öz gezeginde Türkmenistanyň ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary dikeltmek üçin ukrain kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň