Türkmenistanyň Prezidentiniň we Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

21:5310.07.2020
0
18531

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy ― divip, TDH ýazýar.

Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutany Gazagystanyň milli Liderini golaýda bellenilip geçilen 80 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat we Gazagystanyň halkynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol hyzmatdaşlyk bolsa hoşniýetli goňşuçylyk hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine daýanyp, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň keselden gutulandygyna örän şatdyklaryny belledi. Ol synmaz erkiň we ruhubelentligiň netijesinde keseli ýeňip geçmegi hem-de Gazagystanyň abadançylygynyň bähbidine döredijilikli işe gaýdyp gelmegi başardy.

Söhbetdeşler şeýle hem koronawirusyň pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýä meselesine hem-de ony ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň ýollaryna üns berdiler.

Türkmenistan Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek ugrunda çykyş edip, bu başlangyjy ösdürmek üçin anyk ädimleri ädýär.

Döwlet Baştutany bu ekologik betbagtçylygyň zyýanyny aradan aýyrmak maksady bilen ylalaşykly hereketleriň zerurdygyny aýdyp, ýakyn wagtda Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň lukman alymlarynyň, ekologlarynyň we beýleki hünärmenleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýew birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň