Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň alty aýyň jemlerine bagyşlanan mejlisi geçirildi

23:2001.07.2020
0
21704

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garamak meseleleri, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça bu düzümleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler girizildi ­― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda:

ýanwar —iýun aýlarynda garamagyndaky düzümleriň ýerine ýetiren işleri, ýazky harby gulluga çagyrylyşyň jemleri, hormatly Prezidentimiziň işgärler düzümini berkitmek, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

IIM-niň birinji ýarym ýylda alyp baran işleriniň jemleri, ýangyn howpuna garşy, jemgyýetçilik tertibini saklamak, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça düzgünleriň berjaý edilmegini üpjün etmek ugrunda geçirilen çäreler;

Diýarymyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, serhetçi esgerleriň we serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi üçin döredilýän şertler;

milli kazyýet ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

hereket edýän kadalaşdyryjy hukuknamalaryň birkemsiz ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň, hem-de milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri;

2020-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň ygtybarly goragyny, milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler;

döwletimizde we jemgyýetimizde durnuklylygy saklamak maksady bilen degişli düzümler bilen utgaşyklylykda amala aşyrylan çäreler;

şu ýylyň birinji ýarymynda milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler;

Döwlet gümrük gullugynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler;

Döwlet migrasiýa gullugynyň düzümleriniň işiniň netijeliligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylan anyk çäreler;

Milli goşunymyzyň kuwwatyny we goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň