Soňky habarlar

Arhiw

Selim Nurmyradow Özbegistanyň Superligasyndaky ilkinji goluny geçirdi

14:4126.06.2020
0
6159

«Bunýodkoryň» türkmenistanly hüjümçisi Selim Nurmyradow Özbegistanyň Superligasyndaky ilkinji goluny geçirdi. Çempionatyň 6-njy tapgyrynyň çäginde «Bunýodkor» «Lokomotiwi» kabul etdi we 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşykdaky ilkinji pökgini 19-njy minutda Selim Nurmyradow geçirdi. 74-nji minutda bolsa onuň topardaşy Şahboz Erkinow «Bunýodkoryň» ýeňşini has-da berkitdi. Bu ýeňişden soňra utugyny 12-ä çykaran «Bunýodkor» ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna çenli göterildi.

Kazanyň «Rubin» futbol toparynyň akademiýasynyň uçurymy Selim Nurmyradow birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabadyň «Altyn asyrynda» hem çykyş etdi. «Bunýodkoryň» düzümine şu ýylyň ýanwarynda goşulan ildeşimiz topary bilen AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşygyny hem geçirdi.

Bu gezekki duşuşykda baş tälimçiniň türkmenistanly hüjümçä bolan ynamy has artdy. Ol esasy düzümde meýdana girip, tä duşuşyk tamamlança oýnuň içinde boldy.

Özbegistanyň Superligasynyň 5-nji tapgyrynda başga bir ildeşimiz Arslanmyrat Amanowyň hem geçiren pökgüsi bilen toparynyň ýeňşine goşant goşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň