Soňky habarlar

Arhiw

Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy iş tertibine üýtgeşme girizdi

20:0923.06.2020
0
15162

Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy koronowirusyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreler sebäpli, konsullyk bölüminiň iş tertibine üýtgeşmeleri girizdi.

22 ― 24-nji iýun aralygynda konsullyk bölümi sagat 10-dan 17-ä çenli işleýär. 12:30-dan 14:30 aralygyna çenli arakesme bolar.

Telefon ýa-da elektron salgy arkaly bölümde öňünde hasaba durmagy unutmaň:

​Konsullyk bölüminiň belgisi : (+993 12) 94 65 73.

Ilçihananyň belgisi : (+993 12) 94 72 86 /87/88.

E-mail: korembtm@mofa.go.kr  (resminamalary şu salga ýollaň!).

Bölüm häzirki wagtda diňe kanunlaşdyrmak we hukuk bilen bagly ýagdaýlar boýunça kabul edýär. Wiza açdyrmak hyzmaty wagtlaýynça ýapyk. Doly maglumatlary ilçihananyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň