Türkmenistanyň Prezidenti russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

13:4521.06.2020
0
9648

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

“Biz Türkmenistanda watandaşymyzyň köp ýyllaryň dowamynda dünýä kosmonawtikasynyň ösmegine saldamly goşant goşup, ýaş nesilleri uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýandygyny aýratyn buýsanç duýgusy bilen synlaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk hem-de alyp barýan işlerinde täze ýeňişleri gazanmagyny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň