Arhiw

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda dynç alyş zolaklary dörediler

23:5620.06.2020
0
8239

19-njy iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny hem-de onuň çäklerinde ilatymyzyň abadan durmuşy we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Golaýda «Altyn kölüň» kenarynda döredilen we açylan toplum munuň nobatdaky subutnamasydyr. Şol ýerde aşgabatlylar talabalaýyk dynç alyp bilerler.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda beýleki suw howdanlarynyň we derýalaryň hem bardygyny nygtap, ýurdumyzyň raýatlarynyň suwuň kenarynda göwnejaý dynç almak üçin ähli welaýatlarda şeýle dynç alyş zolaklaryny döretmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ş.Durdulyýewe olaryň gurluşygynyň maksatnamasyny taýýarlamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň