Soňky habarlar

Arhiw

Dmitriý Homuha Russiýanyň çempionatynda ähli döwürlerde çykyş eden iň gowy aziýalylaryň hataryna girizildi

17:4220.06.2020
0
6737

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky wekili Dmitriý Homuha Aziýanyň futbol konfederasiýasy tarapyndan ähli döwürlerde Russiýanyň Premýer ligasynda çykyş eden aziýaly futbolçylaryň iň gowy 10-lugyna girdi.

«Dmitriý Homuha geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda «Zenidiň» Russiýanyň ýokary ligasyna çykmagyna kömek etdi. SSKA-nyň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna çykmagynda, Groznynyň «Tereginiň» Russiýanyň kubogyny gazanmagynda, Russiýanyň ýaşlar ýygyndysynyň Ýewropanyň çempiony bolmagynda onuň goşandy uludyr. Russiýa üçin ol örän wajyp oýunçy. Dmitriý Homuha Türkmenistanyň ýygyndysynda futbol oýnady, Russiýanyň ýaşlar ýygyndysynyň bolsa baş tälimçisi boldy» diýip, AFK oňa ýokary baha berýär.

Pöwrizede doglan Dmitriý Homuha futbol ýoluna Aşgabadyň «Kolhozçysynda» başlady, soňra ol Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hatarynda möhüm halkara duşuşyklaryň ençemesine gatnaşdy. Ol milli ýygyndymyzyň hatarynda 1998-nji ýylda Tailandda geçirilen Aziýa oýunlaryna hem gatnaşdy. Dürli ýyllarda Harkowyň «Metallistinde», Sankt-Peterburgyň «Zenidinde», Moskwanyň SSKA-synda, Ýaroslawskiniň «Şinniginde» we Groznynyň «Tereginde» çykyş etdi.

Russiýanyň çempionatynda çykyş eden iň gowy aziýalylaryň hataryna eýranly türkmen Serdar Azmunyň hem girizilendigini ýatladýarys. Ol häzir «Zenidiň» düzüminde futbol oýnaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň