Wahyt Orazsähedow «Istiklolyň» uly hasapdaky ýeňşine goşant goşdy

22:4516.06.2020
0
4793

Düzüminde türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow hem çykyş edýän Duşenbäniň «Istikloly» ýurduň dikeldilen çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Tursunzade şäherindäki «Talko-Arena» stadionynda geçirilen duşuşykda «Istiklol» ýerli «Regar-TadAZ-y» 6:1 hasabynda ýeňdi.
Täjigistanyň çempiony ilkinji minutlardan duşuşygyň gidişini öz eline alyp, ýene 3 utuk gazandy.
Wahyt Orazsähedow 76-njy minutda Şeriddin Boboýewiň ornuna oýna girdi. Oýunda örän az galandygyna garamazdan, ildeşimiz bir gezek tapawutlanmagy başardy. Wahyt Orazsähedowyň şu ýylyň gyşky transfer merkezinde «Istiklolyň» hataryna goşulandygyny ýatladýarys.
«Istiklol» nobatdaky duşuşygyny 20-nji iýunda Duşenbäniň Merkezi stadionynda geçirer. Şol gün topar 6-njy tapgyryň çäginde «Istrawşany» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň