Arhiw

Aşgabatda Altyn köle barýan awtobus ugurlary ýola goýuldy

14:5016.06.2020
0
13201

Aşgabatda açylan täze dynç alyş zolagyna ― Altyn köle barýan täze awtobus ugurlarynyň işi ýola goýuldy. Indi şäherdäki 7, 11 we 82 gatnaw ugurlary boýunça hereket edýän awtobuslar bu kölüň kenaryna barar diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginden «Turkmenportala» berlen habarda aýdylýar.

Bu barada türkmen döwletiniň Baştutany zolagyň açylyş dabarsynda ýörite hem aýtdy. Ähli mümkinçilikler döredilen tomusky dynç alyş zolagyna awtobuslaryň we taksileriň yzygiderli gatnap durmagy milletiň Lideriniň açylyş dabarasyndaky esasy tabşyryklarynyň biri boldy. Şeýle hem döwlet Baştutany bu ýere gatnaýan awtobuslaryň ugurlary boýunça ilata maglumat bermegi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň