Soňky habarlar

Arhiw

Futzal ligasy ― 2020: 7-nji tapgyrda «Daýhanbankyň» ýeňilmegi «Köpetdagyň» ýeke-täk öňdebaryjy bolmagyna getirdi

23:5815.06.2020
0
4488

15-nji iýunda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyrda ýeňiş gazanan “Köpetdag” topary ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçdi.

“Serhetçi” topary bilen duşuşan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” topary 18:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 18 utugy bilen birinji orny eýeleýär.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Senagatbank” “Olimpden” 19:3, “Migrasiýa” bolsa “Daýhanbankdan” 4:1 hasabynda üstün çykdylar. “Gümrükçi” bilen “ Deňizçiniň” arasyndaky duşuşyk 4:4 hasabynda tamamlandy.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda dowam edýän Naýbaşy liganyň sekizinji tapgyry 17-nji iýunda geçiriler.

5-nji tapgyryň çäginde geçirilmeli “Deňizçi” – “Senagatbank” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 20-nji iýunda sagat 11:00-da oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň