Daşoguzdaky kärhanada lukmançylyk ýektaýlarynyň önümçiligi kämilleşdirilýär

11:3415.06.2020
0
5770

Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini çykarýan kärhanasynda dokalmaýan matanyň täze görnüşinden bir gezek ulanylýan lukmançylyk ýektaýlarynyň önümçiligi özleşdirildi. Işgärler üçin ýörite eşigiň şu görnüşini taýýarlamakda has berk, gigroskopik we gipoallergen, şeýle hem zeper ýetmegine we howanyň täsirine durnukly spanbond ulanylýar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Onuň hili bu dokalmaýan materialy bir gezek ulanylýan lukmançylyk eşiklerini, şeýle hem şahsy goragly beýleki lukmançylyk serişdelerini öndürmekde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Operasiýa edilende ulanylýan spanbonddan taýýarlanýan ýektaýlaryň synag toplumy kärhananyň golaýda ýokary öndürijilikli tikin maşynlary oturdylan ýörüteleşdirilen bölüminde taýýarlanyldy.

Ýewropanyň belli kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini çykarýan kärhanasy ýylda 13 million gap dürli sargy serişdelerini çykarmaga niýetlenendir.

Karhananyň önümlerine ýurduň bejeriş- keselleriň öňüni alyş edaralaryna uly isleg bildirilýär, olaryň görnüşi yzygiderli artdyrylýar. Mysal üçin, golaýda agardylan hasa matasyny çykarmak özleşdirildi. Kärhananyň önümlerine daşary ýurtly sarp edijiler hem gyzyklanma bildirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň