Türkmenistanyň Prezidenti harby uçurymlary gutlady

16:5913.06.2020
0
6401

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna Gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda şeýle diýilýär:

«Garaşsyz Watanymyzyň edermen ogullary!

Siz geljekde hem Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň, türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Häzirki za-man harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele alyp, döwletimiziň berk binýadynyň mizemezligini, onuň çäkleriniň go-raglylygyny üpjün etmelisiňiz. Eziz Watanymyza wepadarlygyň belent nusgasyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşine şahsy goşantlaryňyzy goşmalysyňyz. Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň sarsmaz galasy we polat galkany bolmalysyňyz.

Hormatly uçurymlar!

Siziň ähliňizi Harby akademiýany we ýokary harby okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň