Soňky habarlar

Arhiw

Ýylyň bäş aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy

23:5806.06.2020
0
8560

Şu ýylyň ýanwar — maý aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 4,7 göterim ýokarlandy.

Bu barada wise-premýer G.Müşşikow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgini durnukly saklanýar diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Hasabat döwründe senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde gurlup, ulanmaga berildi.

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, umuman, ýurdumyzyň ykdysady görkezijileri hem peselýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary bilen bilelikde, 2020-2021-nji ýyllar üçin maksatnamany işläp taýýarlamaga girişmegi tabşyrdy. Bu maksatnamada esasy wezipe çökgünlik ýagdaýyndan has depginli çykmagy hem-de çökgünlikden ozalky görkezijileri gazanmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Bu maksatnama Ministrler Kabinetinde seretmeli diýip, döwlet Baştutany belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň