Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda saparda bolar

23:5606.06.2020
0
12264

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iýun aýynda ýurduň ähli welaýatlarynda sapar bilen bolar. Bu barada döwlet Baştutany 5-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.

Milletiň Lideri bu saparlaryň çäginde ýerlerde galla oragynyň alnyp barlyşyny görmegiň, kabul eden durmuş maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Ýeri gelende, 5-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna badalga berlendigini ýatladýarys. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda 12-nji iýunda başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň