Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda dürli süýrenjilerden we howply jandarlardan goranmak bilen bagly okuw geçirildi

21:2504.06.2020
0
10490

Türkmen döwlet metbugat gullugynyň resmi saýty Çöller, Ösümlikler we haýwanat dünýäsi instituty tarapyndan okuwyň geçirilendigini habar berdi. Bu okuw howanyň maýlamagy bilen daş töwerekde howply mör-möjekleriň köpelmegine, şol sebäpli sähralyk ýerlerde ýaşaýanlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge bagyşlandy.

Institutyň wekilleri Ejebaý Kokanowa hem-de Olesýa Gökbatyrowa dagylar ýurduň dürli ýerlerinden ýygnanan hünärmenleri bilen ýabany tebigat bilen baglanyşyk dogrusynda okuw geçip, özara pikir alyşdylar. Gysga wagtlaýyn okuw süýrenjilerden, dürli möjeklerden we beýleki ýabany ýyrtyjylardan goranmak tärlerini öz içine aldy.

Möwsümleýin täsir ekerançylara hem ýetip biler. Şonuň üçin bu düzgünlerden olaryň hem habarly bolmagy gerek diýlip, okuwda aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň