Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped gününiň çärelerine gatnaşdy

10:2603.06.2020
0
29252

Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň günortasynda, Köpetdagyň eteginde gurlan “Welosiped” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Bütindünýä welosiped güni bilen baýramçylyga gatnaşanlaryň hemmesini gutlap, döwlet Baştutany şu gün bu halkara baýramçylygyň biziň ýurdumyzda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini aýtdy.

Milletiň Lideri, Garaşsyz türkmen döwletinde bedenterbiýe we sporty dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyza beden we ruhy taýdan kämillik terbiýesi bermek üçin köp üns berilýändigini aýtdy.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar ýurduň Prezidentiniň çykyşyna uly üns bilen diňlediler, şondan soň döwlet Baştutany bilen köpçülikleýin welosiped sürmäge gatnaşdylar.

Müň adamlyk tigir sürýänleriň hatary paýtagtyň iň owadan awtoulag ýollarynda owadan keşbi emele getirdi.

12 kilometrlik welosiped sürmek paýtagtyň merkezinde Döwlet münberinde tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň