Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti UCI-niň iň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy

23:1702.06.2020
1
11524

Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylygyň çäklerinde türkmen Lideri bilen pikir alyşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Jenap Dawid Lappartýen geçen ýyl Aşgabat şäherinde guralan baýramçylyk çärelerine, hususan-da, köp sanly adamlary özünde jemleýän welosipedli ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, 2018-nji ýylda türkmen Lideriniň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy guramanyň adyndan hormatly Prezidentimize dünýäniň welosiped sportuny ösdürmekde örän uly ähmiýetli halkara başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmekde we ony halkara derejä çykarmakda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren işleriniň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçy düzüminiň geçiren mejlisiniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentini bu guramanyň iň ýokary sylagy bilen sylaglamak hakynda karar biragyzdan kabul edildi. Bu sylag aýratyn tapawutlanan şahsyýetlere berilýär. Bu barada aýtmak bilen, jenap Dawid Lappartýen 2007-nji ýyldan bäri bu sylaga hiç kimiň mynasyp bolmandygyny aýratyn belledi.

Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, ol bu sylagy ertir döwlet Baştutanymyzyň hut özüne gowşurmak isleýärdi, emma, gynansak-da, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý — koronawirusyň pandemiýasy zerarly häzirki wagtda bu mümkin däl. Şunuň bilen baglylykda, jenap Dawid Lappartýen pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň bu howply ýokanja garşy göreşmekde tutuş dünýä bileleşigi üçin nusgalyk bolandygyny aýratyn nygtady.

Şeýle hem Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy milli Liderimize gurama berilýän goldaw, hususan-da, 2021-nji ýylda Aşgabatda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge mümkinçilik döredendigi üçin sagbolsun aýtdy. Şunda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Olimpiýa şäherçesiniň toplumyna girýän ajaýyp ýapyk welotrek binasy şunuň ýaly desgalara bildirilýän häzirki zaman talaplaryna kybap gelýär.

Guramanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize welosiped sportuny Türkmenistanda, şeýle hem tutuş dünýäde ösdürmek we wagyz etmek boýunça alyp barýan asylly işleri üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, indiki duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşjakdygyny belledi.

Jenap Dawid Lappartýen wideoaragatnaşyk arkaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara welosipedçiler birleşiginiň iň ýokary sylagyny hem-de degişli sertifikatyny görkezdi. Bu abraýly sylag görnükli şahsyýetlere, şol sanda welosiped sportunyň tarapdarlaryna hem-de ony ösdürmäge we dünýä derejesinde ilerletmäge uly goşant goşan ýokary wezipeli syýasy işgärlere gowşurylýar.

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, öz nobatynda, döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, Halkara welosipedçiler birleşiginiň iň ýokary sylagy bilen türkmen Liderini sylaglamak barada karara gelendigine tüýs ýürekden guwanýandygyny belledi. Igor Makarowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda doglan hem-de tejribeli welosipedçi hökmünde, öz wagtynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynda çykyş edip, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy hökmünde şol karara aýratyn buýsanýandygyny aýtdy.

— Men bu kararyň örän adalatly kabul edilendigini buýsanç bilen bellemek isleýärin, çünki Siziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi babatda başlangyjyňyzy tutanýerlilik bilen öňe sürendigiňizi örän oňat bilýärin. Siz Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmäge, ýurduňyzda ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipedi ýaýmaga uly goşant goşýarsyňyz — diýip, Igor Makarow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara welosipedçiler birleşiginiň iň ýokary sylagynyň berilmegi dünýäniň welosiped bileleşiginiň öňünde bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde möhüm çözgütdigi aýratyn nygtaldy.

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek trek welosporty boýunça dünýä çempionatynyň türkmen Lideriniň goldaw bermeginde ýokary derejede guralyp, dünýäniň welosiped sportunda ýatdan çykmajak waka öwrüljekdigini, tejribeli welosiped sürüjilere hem-de welosiped sportunyň millionlarça muşdaklaryna ajaýyp sowgat boljakdygyny buýsanç bilen belledi.

Şeýle hem Igor Makarow Türkmenistanyň Baştutanynyň geljekde hem ählumumy bähbidiň hatyrasyna bütin dünýäde sportuň bu ajaýyp görnüşini ösdürmäge we ilerletmäge işjeň ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidentine hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyna, UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasyna ýüzlenip, Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda olar bilen onlaýn arkaly duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Dawid Lappartýeni we Igor Makarowy şanly gün bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz Bütindünýä welosiped gününiň parahatçylyk we raýdaşlyk, saglyk hem-de ruhubelentlik ýaly üýtgewsiz gymmatlyklaryň ähmiýetini görkezýän halkara baýramydygyny belledi. Dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden bellenilýän bu halkara baýram daşky gurşawa aýawly garamaga, ynsan saglygyny berkitmäge, sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Diýarymyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler bizde asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa döwletimizde sport hereketini ösdürmek bilen birlikde, raýatlarymyzyň sport bilen meşgullanmagyny hem höweslendirýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan diňe bir iri halkara forumlaryň däl-de, eýsem, dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň hem geçirilýän merkezine öwrüldi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Halkara welosipedçiler birleşiginiň Aşgabada 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge hukuk bermegi hem munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza uly ynam bildirendigi üçin Halkara wolosipedçiler birleşigine minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda geçiriljek çempionatyň dünýä sport senenamasynda şanly waka öwrüljekdigine hem-de sebit we ählumumy derejede welosiped sportuny ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň bu abraýly ýaryşlary üstünlikli geçirmek we örän ýokary derejede guramak üçin ähli zerur çäreleri görjekdigini nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti jenap Dawid Lappartýene bu abraýly guramanyň ýokary sylagy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Biz bu sylagy uly hormat goýulmagy hem-de bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ähmiýetiniň halkara derejede ykrar edilmegi hökmünde kabul edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara welosipedçiler birleşiginiň hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistan bilen Halkara welosipedçiler birleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan saldamly goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara berk jan saglyk we abadançylyk, jogapkärli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň