Soňky habarlar

Arhiw

“Russiýa 24” teleýaýlymy Türkmenistandaky koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaý baradaky gepleşigi ýaýlyma berdi

12:3601.06.2020
1
180061

“Russiýa 24” teleýaýlymynyň ýörite habarçysy Anna Afanasýewanyň “COVID-19” atly dokumental filminiň ikinji sany ýaýlyma goýberildi. Gepleşigiň ep-esli bölegi Türkmenistandaky epidemiologiki ýagdaýa bagyşlandy.

“Bütin dünýä COVID-19 bilen göreşmegi dowam etdirýärkä, Türkmenistanda bu wirus bilen baglanyşykly ýekeje-de ýagdaý hasaba alynmady. Resmi taýdan Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda bu ýokançlygy ýok eden ýeke-täk döwletdir” – diýip, ýaýlymyň habarçysy belleýär.

Türkmenistan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewa “Russiýa 24” ýaýlymy bilen göni wideoaragatnaşykda bu ýaramaz wirusa garşy Türkmenistanyň gören çäresi we toplan tejribesi hakynda gürrüň berdi.

Wideo şu salgy arkaly tomaşa edip bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň